Duşenbe güni Samsung Display Las Wegasdaky CES 2023 sergisinde bir wagtyň özünde ýygnap hem, uzaldyp hem bolýan displeýi hödürlejekdigini aýtdy. Ol Flex Hybrid diýlip atlandyryldy. Samsung Display-iň habar bermegine görä, Flex Hybrid - bu 4:3 ölçegli 10,5 dýuýmlyk displeý bolup, ony taraplarynyň gatnaşygy 16:10 bolan 12,4 dýuýmlyga çenli uzaldyp bolýar. Günorta koreýaly öndüriji Flex Hybrid-iň noutbuklarda ulanmaga niýetlenendigini aýtdy. CES 2023 sergisi 4-nji ýanwardan 7-nji ýanwar aralygynda geçer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir