Koreýanyň Hyundai-Kia bileleşigi we Polestar kompaniýasy Nvidia kompaniýasy bilen şertnama baglanyşdy. Onuň çäklerinde bu kompaniýalar «bulut» oýun hyzmatyna girip bilerler. Bu agzalan brendleriň ýolagçylaryna gös-göni bortdaky media ulgamlarda wideo oýunlaryny oýnamaga mümkinçilik berer. GeForce Now hyzmaty ykjam internet arkaly üpjün ediler. Öňde oturan ýolagçylar, ulag hereketde däl wagty — duralgada durka ýa-da batareýalar zarýad alýan wagty geýmpadlary we media ulgamyň merkezi displeýini ulanyp oýnap bilerler. Yzky ýolagçylar üçin beýle çäklendirme bolmaz: yzda oturanlaryň ulag hereketde wagty hem, öz media ekranlary bolan ýagdaýynda, oýun oýnamaga mümkinçiligi bolar. Bulut hyzmatynyň müşderisi Android media ulgamlarynda ýa-da brauzer arkaly goşundy hökmünde işleýär. GeForce Now size, “Wedmaka 3” we Cyberpunk 2077 ýaly iň meşhur relizleri öz içine almak bilen, müňden gowrak wideo oýunlaryna girmäge mümkinçilik berer. Seriýalaýyn awtoulaglarda oýunlara haçan girip boljakdygy takyk aýdylmaýar. Şeýle-de bolsa, Hyundai, Kia, Genesis, Polestar we BYD markalarynyň eýýäm Nvidia Drive sanly ekoulgamynyň agzalarydygyny Nvidiada bellediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir