Dünýäde meşhur neşirleriň biri bolan «Ženmin žibao» gazetiniň redaksiýasynyň haýyşy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň öň ýanynda «Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady» atly makala taýýarlady. Makalada iki ýurduň arasynda köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara düýpli seljerme berilýär hem-de hyzmatdaşlygyň has-da ýokary derejä çykaryljakdygyna ynam bildirilýär. Şeýle hem iki dostlukly ýurduň halkara giňişliginde birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklary, tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeler babatda garaýyşlaryň gabat gelýändigi ýa-da ýakynlygy aýratyn nygtalýar: «Biz Hytaýyň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de ýurdumyzyň bu derejä esaslanýan daşary syýasat ugruna hormat goýýandygyna ýokary baha berýäris. Öz nobatynda, Türkmenistan hemişe hytaý hyzmatdaşlarymyz üçin möhüm bolan meselelere, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäk bitewiligine hem-de jebisligine dahylly ýagdaýlara öz garaýyşlaryny anyk hem-de kesgitli beýan edýär, “Bir bitewi Hytaý” syýasatyna berk eýerýär. Merkezi Aziýadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak türkmen-hytaý gepleşikleriniň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Şunda iki ýurduň garaýyşlary ýakyndyr, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy sebitde ýüze çykýan meseleleriň çözgüdine syýasy we diplomatik usullar arkaly çemeleşmek bilen, köptaraplaýyn bähbitleriň deňeçerligine esaslanýan berk we uzakmöhletleýin howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýärler. Biziň döwletlerimiz bu işlere uly goşant goşmak bilen dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzalary hökmünde öz garaýyşlaryny beýan edýärler» diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň makalasynda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir