Türkmenistanda 2023-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti 5-nji ýanwarda gol çekdi. Bu resminama Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, lukmançylyk we medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini, edebiýatyny ylmy esasda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen kabul edildi.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir