Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa boljak döwlet saparynyň maksatnamasy taýýarlanyldy. Saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Döwlet sapary 5-6-njy ýanwarda amala aşyrylar. 4-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Serdar Berdimuhamedow Pekinde ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň möhümdigine, onuň köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýuldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir