Jeýms Kemeronyň ylmy-fantastiki blokbasteri bolan “Awatar: Suw ýoly” üç uikendiň dowamynda dünýä prokatynda 1,38 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnady. Olardan 957 mln dollar daşary ýurt bazarlarynyň paýyna düşdi. Bu barada “Deadline” ýazýar diýip, gazeta.ru belleýär. ABŞ-nyň çäginden daşary girdeji ýygymynyň şu hepdäniň dowamynda 1 mlrd dollardan geçmegine garaşylýar. Bu lenta eýýäm taryhda iň girdejili filmleriň sanawynda “Garri Potter we Ölüm peşgeşi. II bölüm” filmini ($1,342 mlrd) 15-nji orundan gysyp çykardy. “Suw ýoly” “Awataryň” meýilleşdirilen dört dowamynyň birinjisidir. Ikinji bölümiň baş gahrymanlary ýene-de ýerli Jeýk Salli (Sem Uortington) we Pandora planetasyndan Neýtiri (Zoi Saldana) boldy. Bu bölümde olar çagalary terbiýeläp, ýene Ýerde ýaşaýanlara garşy durmaga mejbur bolýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir