2023-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Maýn boýundaky Frankfurt ugry boýunça uçuşlaryň sanyny wagtlaýyn azaldar. Gyşky tertipnamada şenbe günleri ýerine ýetirilýän bir uçuş galar. Şeýle habar Reýn-Maýn howa menziliniň resmi saýtynda çap edildi. Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Maýn boýundaky Frankfurt ugry boýunça hepdede iki gezek - çarşenbe we şenbe günleri uçuşlary ýerine ýetirýär. Täze tertibe laýyklykda, türkmen uçary ýerli wagt bilen sagat 12:40-da Aşgabat halkara howa menzilinden uçar. Uçuşlar uzak aralyga uçýan Boeing 777-200LR uçarlarynda amala aşyrylar. Iň pes nyrhnama boýunça awiapetegiň bahasy bir tarapyna 8023 manat 80 teňňedir. Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň awgust aýynda Germaniýa bilen yzygiderli gatnawlary dikeldendigini ýatladýarys.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir