Ilon Maskyň ýolbaşçylygynda elektrik awtoulaglaryny öndürýän «Tesla» amerikan kompaniýasy geçen ýylyň jemi boýunça müşderilerine rekord mukdarda — 1 313 851 nusga awtoulag iberdi. Bu 2021-nji ýyldaky görkezijiden 40% köpdür. 2022-nji ýylda kompaniýa bazara 1 247 146 sany Model 3 (sedan) we Model Y (krossower) ulaglaryny iberdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 37% köpdür. S we X modeli, 2021-nji ýyldakydan 2,7 esse köp, ýagny 66 705 sanysy iberildi. IV çärýekde Tesla bazara rekord 405 278 sany elektrik ulagy (388 131 sany Model 3 we Y hem-de 17 147 sany Model S we X) iberdi. Bu san rekord hem bolsa, oktýabr-dekabr aýlarynda 420 760 sany ulagyň iberilmegine garaşýan analitikleriň çaklamalaryndan pesräk geldi. «Teslanyň» paýnamalary geçen ýylky bahasynyň takmynan 65%-ini ýitirdi. 2022-nji ýylyň başynda 1,2 trillion dollar diýlip bahalandyrylýan elektrik awtoulag öndürijisiniň kapitalizasiýasy üç esse kemeldi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir