Halkara Boks Assosiasiýasy (IBA) ähli agram kategoriýasyndaky söweşijileriň reýtinginiň täzelenen görnüşini neşir etdi. Sanawyň birinji ornunda 48 100 utuk bilen Gazagystan ýerleşdi. Ikinji orny 37 600 utuk bilen Özbegistan, üçünji orny 36 300 utuk bilen Hindistan eýeleýär. Ilkinji bäşligi ABŞ we Türkiýe jemleýär diýip, forbes.kz habar berýär. Sanawyň soňky orunlaryny Demirgazyk Makedoniýa (100 utuk), Şri-Lanka (100) we Islandiýa (50) eýeledi. Reýtingde jemi 135 ýurt bar. GDA ýurtlaryndan Ukraina 12-nji orny, Ermenistan 14-nji, Russiýa 15-nji, Gyrgyzystan 38-nji orny eýeledi. IBA-nyň umumy reýtingi 17 agram kategoriýasynyň ählisini göz öňünde tutýar. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystan ABŞ-dan we Braziliýadan yza galyp, üçünji orny eýeledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir