Portugaliýaly oýunçy Kriştianu Ronaldu ýakyn wagtda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” futbol kluby bilen şertnama baglaşyp biler. Bu barada “Marca” habar berýär diýip, sport-interfax.ru belleýär. Şertnama iki ýarym möwsüm üçin niýetlener we şertlere görä 37 ýaşly futbolçy möwsümde 200 mln ýewro alar. Bu mukdara zähmet töleginden başga-da, mahabat şertnamalaryndan gelýän girdejiler hem girýär. 22-nji noýabrda Ronaldu ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda “Mançester Ýunaýted” bilen şertnamany ýatyrdy. “MÝ-de” çykyş eden döwründe futbolçy Angliýanyň üç gezek çempiony, Angliýanyň ligasynyň kubogynyň iki gezek eýesi boldy. Şeýle-de, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda, Klublaýyn dünýä çempionatynda, Angliýanyň Kubogynda we Super kubogynda ýeňiş gazandy. Ronaldu “Mançester Ýunaýted” üçin geçirilen 346 oýunda 145 gol girizdi. Häzirki wagtda ol 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyny geçirýän Katar döwletindedir. Gananyň derwezesine gol girizmek bilen, Ronaldu rekord eýesi boldy: ol taryhda bäş dünýä çempionatynda gol salan ilkinji oýunçydyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir