6-njy dekabrda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow türkmen kärdeşi Raşid Meredowy kabul eder. Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Mariýa Zaharowanyň aýtmagyna görä, türkmen diplomaty Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara russiýa-türkmen toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Moskwa geler. Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary häzirki sebit we halkara gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşarlar. Şeýle hem iki döwletiň dürli derejeli halkara maslahatlaryna we taslamalara gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir