Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 21 million 250 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de dizel ýangyjy, polipropileni we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplügi ýerlenildi. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine bahasy 5 million 506 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 8 million 480 müň manatlyk tehniki kükürt hem-de nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir