28-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Sultan Raýewi bu jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlap, alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy-barlaglary, özara bähbitli döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek, bilelikdäki çäreleri geçirmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygyny bellemek hem-de 2024-nji ýylda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek bilen bagly meselelere deglip geçildi. Serdar Berdimuhamedow we myhman duşuşygyň ahyrynda TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna, sebit we ählumumy derejede netijeli medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir