Braziliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Katarda geçirilýän dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda Şweýsariýadan 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Dohada geçirilen duşuşykda braziliýalylara ýeňşi 83-nji minutda Kazemiro getirdi. Bu ýeňiş Braziliýanyň ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmagyny üpjün etdi. Braziliýa 6 utuk bilen G toparyň başyny çekýär. Şweýsariýa 3 utuk bilen ikinji ýerde ýerleşdi. Toparda şeýle hem hersinde 1 utuk bolan Kamerun bilen Serbiýa bar. Toparlaýyn tapgyryň soňky oýnunda 2-nji dekabrda Braziliýa-Kamerun, Şweýsariýa-Serbiýa duşuşygy geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir