Amerikan filmlerinde ulanylan 400-den gowrak rekwizit zatlar Nýu-Ýorkdaky Heritage Auctions auksionynda goýuldy. Bu barada anna güni söwda öýüniň metbugat gullugy habar berdi. Heritage Auctions-yň wise-prezidenti Jo Maddaleniň sözlerine görä, "agzalan auksion - taryhy filmleriň çagalykda bizi begendiren we häzirki zaman filmleriniň öňe gitmäge ruhlandyrýan jadysyndan we ýatlamalaryndan doly ähmiýetli waka". Şeýlelikde, başlangyç bahalar, "Willi Wonka we şokolad fabrigi" (1971 ýyl) filminden altyn petegiň bahasy 20 müň dollar, "Indiana Jons we soňky haçly ýöriş" (1989 ýyl) filminden Graalyň pyýalasy - 15 müň dollar, "Ar alyjylar: jemleýji bölüm" (2019 ýyl) kinolentasyndan Kapitan Amerikanyň galkany - 50 müň dollar, "Terminator"-dan (1991 ýyl) Arnold Şwarseneggeriň motosikli - 125 müň dollar. Golliwudyň taryhyna bagyşlanan söwdalar 17-nji dekabrda geçer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir