Samsung-yň Galaxy S23 flagman seriýasynyň smartfonlary hemra aragatnaşygyna birikmek funksiýasyna eýe bolar. Bu barada Etnews koreý neşiri habar berdi. iPhone 14-den tapawutlylykda, Galaxy S23-däki hemra aragatnaşygy maglumatlary diňe bir gyssagly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik bermän, "tekstli habarlary we şekilleri ýüzlerçe Kbit/s tizlikde" geçirýär. Samsung funksiýany işe girizmäge soňky iki ýyl taýýarlyk gördi. Tehnologiki hyzmatdaşy bolup, megerem, pes Ýere golaý orbitada 66 satelliti dolandyrýan Iridium hemra aragatnaşyk operatory çykyş etse gerek. Ulgam maglumatlary bermegiň tizligini 176-704 Kbit/s diapazonda üpjün etmäge ukyplydyr. Samsung Android-däki smartfona hemra birikdirmesini goşan birinji öndüriji däldir. Huawei-iň Mate 50 seriýasy gyssagly ýagdaýlarda Beidou-3-iň hemralary arkaly gysga habarlary geçirmäge ukyplydyr. HBS-niň maglumatlaryna görä, Galaxy S23-iň tanyşdyrylyşy fewral aýynyň birinji hepdesinde geçer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir