Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrap häkimliginiň adyny üýtgedip, ony Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap häkimligi diýip atlandyrmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Şeýle hem resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar, Gumdag we Hazar şäher häkimlikleri hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrap häkimligi ýatyryldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizer. Balkan welaýatynyň häkimligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir