Amazon.com Inc. film önümçiligine ýylda 1 mlrd dollardan gowrak serişde sarp etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, interfax.ru habar berýär. Kompaniýa bu filmleri akym hyzmatlarynda çykarman, adaty premýeralary geçirip, olary kinoteatrlarda prokata goýbermekçi bolýar. Amazon bu pullara ýylda 12 – 15 film surata düşürmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň meýilnamalary, durmuşa geçirilen ýagdaýynda, ony filmleriň sany boýunça Paramount Pictures ýaly uly studiýalar bilen deň edip biler. Şol bir wagtyň özünde Amazon kompaniýasyna öz akym platformasy arkaly işlemegi makul hasaplaýan Netflix Inc. bilen bäsdeşlik etmek üçin has köp maýa goýmak gerek bolar. Netflix ýylda 100-e golaý film çykarýarka, Amazon bary-ýogy 26 töweregi film çykarýar, olaryň köpüsi-de iňlis dilinde däl. 2022-nji ýylyň mart aýynda Amazon Golliwudyň MGM studiýasyny 8,45 mlrd dollara satyn almak baradaky şertnamany ýapdy. Hut şu studiýanyň hem kino pudagynda kompaniýanyň esasy aktiwine öwrülmegine garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir