Microsoft-a ygtyýar berlen, Activision-Blizzard-y satyn almak boýunça geleşigiň Beýik Britaniýada dowam edýän derňewiniň çäklerinde GTA-nyň 2024-nji ýylda çykjakdygy aýdylýar. Bu barada Gamesradar habar berýär. Microsoft kompaniýasy tarapyndan Activision-Blizzard-yň satyn alynmagy Call of Duty-niň işläp taýýarlaýjylarynyň maksatly platforma hökmünde PlayStation-dan ýüz öwürmegine getirer diýip Sony hasaplaýar. Microsoft hem öz gezeginde «uzak garaşdyran Grand Theft Auto VI-ny 2024-nji ýylda çykarmak meýilleşdirilýändigini» mälim etdi. Şeýle-de, kompaniýa öň çykan GTA 5-idir, Red Dead Redemption 2-ni hem agzady. Microsoft mysal hökmünde Take-Two Interactive neşirýatynyň oýunlaryny agzaýar, oňa laýyklykda meşhur franşizalar ähli platformalarda, şol sanda PlayStation-de çykyp biler diýip bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir