Gurban Berdiýew Russiýanyň «Soçi» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu habary klubuň prezidenti Boris Rotenberg tassyklady. «Şu gün Gurban Bekiýewiç topara tanyşdyryldy. Onuň baý futbol tejribesi bar. Berdiýew klubuň ösüşiniň häzirki döwründe oňat ýardam edip biler diýip berk ynanýaryn. Geljekki meýiller barada aýdylanda, ol gyşky ýygyndylary netijeli geçirer. Muňa hiç hili şübhäm ýok. Ýazda klub has-da güýçlener. Gurban Berdiýewiň tejribesi toparymyzyň dogry ösüşine ýardam eder» — diýip, Rotenberg aýtdy. 70 ýaşly tälimçi bilen şertnama 2,5 ýyl hereket eder. Gurban Berdiýew «Soçide» Wadim Garaniniň ornuny eýelär. 17 tapgyrdan soň, Russiýanyň Premýer-ligasynyň geçenki möwsüminiň wise-çempiony bolan «Soçi» 25 utuk bilen jedwelde dokuzynjy orny eýeleýär. Berdiýewiň soňky işlän ýeri Eýranyň «Traktor» kluby boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir