Fransiýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Katarda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Daniýadan üstün çykdylar. Dohada geçirilen duşuşyk 2:1 hasap bilen tamamlandy. Fransiýanyň düzüminde Kilian Mbappe dubl etdi (61-nji we 86-njy minut). Daniýadan Andreas Kristensen (68) gol geçirdi. D toparda çykyş edýän Fransiýanyň hasabynda 6 utuk bar. Ikinji ýerde 3 utuk bilen Awstraliýa ýerleşýär. Daniýa we Tunis 1 utuk bilen üçünji hem-de dördünji ýerde ýerleşýär. Üçünji tapgyrda Fransiýa Tunis bilen, Daniýa bolsa Awstraliýa bilen duşuşar. Duşuşyklaryň ikisi hem 30-njy noýabrda geçer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir