Argentinanyň milli ýygyndysy Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Meksikadan üstün çykdy. Lusailde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Argentinalylar 64-nji minutda Lionel Messiniň geçiren goly bilen öňe saýlandylar. 87-nji minutda bolsa, Messi Enso Fernandese netijeli pas berdi. Argentina 3 utuk toplap, C toparda ikinji ýere düşdi. Birinji orny Polşa eýeleýär (4 utuk). Üçünji orunda 3 utuk bilen Saud Arabystany ýerleşýär (geçiren we geçirden gollarynyň aratapawudy Argentinadan yzda). Dördünji orunda bir utuk bilen Meksika ýerleşýär. Toparlaýyn tapgyryň jemleýji oýnunda 30-njy noýabrda Argentina Polşa bilen, Meksika bolsa, Saud Arabystany bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir