Ilon Mask eger Apple bilen Google Twitter programmasyny bu kompaniýalara degişli bolan App Store we Google Play dükanlary bilen işleýän gurluşlar üçin elýeterli däl etse, hususy smartfon modelini çykarmaga wada berdi. Bu barada TASS belleýär. “Bu ýagdaýlara ýetmez diýip umyt edýärin. Ýöne, eger meniň başga çykalgam bolmasa, men başga bir telefon dörederin” – diýmek bilen, Mask “Marsa uçmak üçin raketalary döredýän adam üçin zerur bolan ýagdaýynda ýönekeý kiçijik smartfony çykarmak uly bir kynçylyk döretmez diýip hasaplan sosial ulgamynyň ulanyjysynyň teswirine jogap berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir