Argentinanyň futbol boýunça ýygyndysy we Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçylary Katardaky dünýä çempionatynyň çäklerinde Diego Maradonany hormat bilen ýatladylar diýip, Associated Press agentligi habar berýär. "Diego baky ýaşaýar, ol henizem biziň aramyzda" - diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Katardaky çärede Maradonanyň hakyky ululykda ýasalan heýkeliniň ýanynda durka aýtdy. "Adamlarda sporta söýgi döretmekde onuň ýaly köp iş etmek heniz hiç kime başartmadyk bolsa gerek" - diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. Futbol boýunça indiki dünýä çempionatlarynda bir gün ýörite beýik futbolçyny hatyralamak üçin bellener diýip, Infantino ynandyrdy. Agentligiň maglumatlaryna görä, anna güni ady rowaýata öwrülen futbolçyny hatyralamak we milli ýygyndyny goldaýandyklaryny bildirmek üçin argentinaly birnäçe müň janköýer Doha ýygnandy. Argentinanyň milli ýygyndysy Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Meksikadan üstün çykdy. Lusailde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Argentinalylar 64-nji minutda Lionel Messiniň geçiren goly bilen öňe saýlandylar. 87-nji minutda bolsa, Messi Enso Fernandese netijeli pas berdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir