Amerikaly aktýor Jonni Depp kapitan Jek Serçäniň başdan geçirmeleri barada “Karib deňziniň garakçylary” seriýasynyň soňky filminiň çykanyndan bäş ýyl geçenden soň, onuň altynjy filminde surata düşer. “The Sun” gazetiniň habar bermegine görä, Deppiň ady filmiň surata düşürilişine gatnaşmak üçin çagyrylýan artistleriň we tehniki işgärleriň sanawynda görkezilýär. Neşir “Deňizdäki gün” (A Day At The Sea) başlangyç adyny alan filmiň synag surata düşürilişiniň fewral aýynda Beýik Britaniýada başlajakdygyny habar berýär. Häzirlikçe taslama başlangyç tapgyrda: aýratynam, heniz täze filmiň režissýory bolup kimiň çykyş etjekdigi-de belli däl. Şol bir wagtyň özünde filmiň ýerine ýetiriji prodýuseri franşizanyň ilkinji üç filminiň döredilmegine gatnaşan Brýus Hendriks bolar. Gazetiň bellemegine görä, ilkinji filmi 2003-nji ýylda çykarylan “Karib deňziniň garakçylary” seriýasynyň bäş filmi dünýä prokatynda 4,1 mlrd dollardan gowrak girdeji getirdi, Deppiň özi 240 mln dollar gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir