Katardaky dünýä çempionatynyň guramaçylary futbol turniriniň myhmanlary hökmünde Ilon Masky we Barak Obamany garşylamaga taýýarlyk görýärler. Bu barada TASS agentligine gizlinligi saklamak şerti bilen, penşenbe güni Dohanyň myhmanhanalarynyň biriniň işgärleri gürrüň berdiler. "Myhmanhanamyzda Maskyň, Obamanyň we beýleki hormatly myhmanlaryň gelmegine garaşýarys. Şeýle derejeli myhmanlary garşylamaga entek dünýä çempionaty başlamanka taýýarlyk görlüp başlandy. Hemmesine stadionlaryň wip-ložasyna geçmek üçin "altyn" propusklar we myhmanhanada iň oňat otaglar taýýarlanyldy" - diýip, otelde habar berdiler. Mask dünýäniň iň baý adamy hasaplanýar, onuň baýlygy 169,8 mlrd dollar diýip bahalandyrylýar. Obama 2009-2017-nji ýyllarda ABŞ-yň prezidenti bolupdy. ABŞ-nyň ýygyndysy Eýranyň, Uelsiň we Angliýanyň ýygyndylary bilen bir toparda oýnaýar. Birinji tapgyrda ABŞ Uels bilen deňme-deň oýnadylar — 1:1.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir