Sony indiki nesliň konsolyny 2027-nji ýyldan bärde çykarmaz. Bu barada Eurogamer portaly habar berdi diýip, gazeta.ru ýazýar. PlayStation 6-nyň çykjak möhleti baradaky maglumat Beýik Britaniýada Microsoft bilen Activision Blizzard-yň arasyndaky geleşik babatynda dowam edýän derňewiniň çäklerinde köpçülige ýetirilen resminama arkaly mälim boldy, Sony kompaniýasy bu geleşige garşy çykyş edýär. Sony-nyň beýannamasyndan aňlanylyşyna görä, oýun studiýasynyň Microsoft kompaniýasy tarapyndan satyn alynmagy, 2027-nji ýylda PlayStation-yň indiki nesli çykýança, ýaponlaryň meşhur Call of Duty franşizini elden gidermegine getirip biler. Şonuň bilen birlikde, Sony ýakyn geljekde PS6 bilen tanyşdyrmagy meýilleşdirýändigini tassyklady. 2027-nji ýyla çenli PlayStation 5-iň ýaşaýyş sikli ýedi ýyl bolar. Şol bir wagtda 2013-nji ýylda çykan PS4 hemişekisi ýaly aktuallygyna galar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir