Katarda dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň Uels bilen Eýranyň arasynda duşuşygy tamamlandy. Er-Raýanda «Ahmed bin Ali» stadionynda geçirilen dartgynly duşuşykda Eýran 2:0 hasap bilen ýeňdi. Duşuşygyň barşynda eýranlylaryň 2 urgusy derwezäniň sütünine degdi: ilki Serdar Azmun, soňra bolsa Golizade. 86-njy minutda duşuşygyň emini Uelsiň derwezebanyna gyzyl duýduryş berdi. Onuň ornuna derwezä Denni Uord geçdi. Eýran ilkinji goluny 90+9-njy minutda geçirdi, ony Rouzbeş Çeşmi geçirdi. Iki minut soňra bolsa, goragçy Ramin Rezaýan gutarnykly hasaby goýdy. Birinji duşuşygynda Uels ABŞ bilen deňme-deň oýnady (1:1), Eýran 2:6 hasap bilen Angliýadan utuldy. Şu gün şeýle hem Angliýa — ABŞ duşuşygy geçiriler. Duşuşyk aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir