ABŞ-nyň Aeronawtika we älem giňişliginiň barlagy boýunça milli müdirligi (NASA) 2030-njy ýyla çenli Aý bazasyny gurmagy meýilleşdirýär, ol ýerde alymlar Artemis Aý maksatnamasyna laýyklykda ýaşap we işläp bilerler. Bu barada The Times gazeti habar berdi. “Ol ýerde diňe bir ýaşabam däl, eýsem arkaýyn ylym bilen hem meşgullanyp bolar ” – diýip, Orion kosmos gämisini goýbermek maksatnamasynyň birinji tapgyrynyň ýolbaşçysy Goward Hu aýdýar. “Eýýäm şu onýyllykda biz adamlary Aýa goýberip bileris, olar ol ýerde uzak wagtyň dowamynda ýaşap bilerler” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Aý bazasy hereket edýän platformanyň we lunohodyň ýaşamaga ýaramly üstünde ýerleşen esasy ýaşaýyş ýerinden ybarat bolar. Artemis maksatnamasynyň bahasy şu günki gün 37 mlrd dollar diýip bahalandyrylýar, 2025-nji ýylda bolsa onuň bahasy 90 mlrd dollar bolar diýip, neşir takyklaýar. 16-njy noýabrda NASA Artemis maksatnamasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde üsti Orion korablly aşa agyr Space Launch System raketa göterijisiniň goýberilişini amala aşyrdy. Ikinji tapgyr (Artemis 2) borty ekipažly Orion korablynda Aýy aýlanyp çykmagy, üçünji (Artemis 3) bolsa Aýa astronawtlary we yzygiderli uçýan missiýany düşürmegi öz içine alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir