2022-nji ýylyň III çärýeginde Hytaýyň elektronika öndürijisi Xiaomi Corp. dünýäde smartfonlara bolan islegiň gowşamagy netijesinde arassa ýitgi aldy we girdejisini tas 10% azaltdy. Hasabat çärýeginde kompaniýanyň arassa ýitgisi bir ýyl ozalky 788,6 mln ýuan möçberindäki arassa girdeji bilen deňeşdirilende, 1,47 mlrd ýuan ($206,8 mln) boldy. Bloomberg tarapyndan sorag edilen analitikler 1,85 mlrd ýuan möçberinde arassa girdejiniň bolmagyna garaşypdylar. Kompaniýa bu ýitgini maýa goýum ýitgileri bilen baglanyşykly, takmynan, 3 mlrd ýuanyň hasapdan aýrylmagy bilen düşündirdi. Onuň girdejisi 78,06 mlrd ýuandan 70,47 mlrd ýuana çenli azaldy. Smartfon satuwyndan gelýän girdeji 47,82 mlrd ýuandan 42,51 mlrd ýuana çenli peseldi. Zatlaryň interneti we durmuş elektronikasy segmentinde girdeji geçen çärýek 9% - 19,06 mlrd ýuana çenli azaldy. Kompaniýanyň internet hyzmatlaryndan alýan girdejisi 3,7% azalyp, 7,07 mlrd ýuana ýetdi. Ýylyň başyndan bäri Xiaomi-niň bazar kapitallaşdyrmasy 48,2% - 249,54 mlrd Gonkong dollaryna çenli ($31,93 mlrd) peseldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir