ňlis diliniň Oksford sözlügi jemgyýetçilik ses berlişigi arkaly üç sözüň arasyndan ýylyň sözüni saýlar. Bu baradaky habar Oksford uniwersitetiniň Oxford Languages neşirýat bölüminiň saýtynda ýerleşdirilipdir. «Biz ýylyň sözüni saýlamaklygyň soňky tapgyryny diliň hakyky araçylaryna — dünýäniň ähli adamlaryna ynanmagy karar etdik. Biz öz aramyzdaky aragatnaşygymyz bilen iňlis dilini ösdürişimiz her ýyl Oksfordyň söz saýlaýşyna täsirini ýetirýär, ýöne sözlügiň taryhynda ilkinji gezek 2022-nji ýylyň sözi jemgyýetçilik tarapyndan saýlanar» — diýip, habarda aýdylýar. Gysga sanawa metaverse («metaälem») we goblin mode («goblin düzgüni») we heşteg#StandWith («men goldaýaryn») diýen düşünjeler girdi. Ses bermeklik saýtda eýýäm açyk we 2-nji dekabrda sagat 0:01-de (5:01 aşg.) tamamlanýar. Geçen ýyl Oksford sözlügini düzüjiler «waksina», «waksina almak», «waksina urmak» diýen manylary berýän vax sözüni ýylyň sözi diýip saýladylar. Şonda ol söz, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 72 esse köp ulanylypdyr. 1-nji noýabrda iňlis diliniň Collins English Dictionary britan sözlügi permacrisis sözüni üstümizdäki ýylyň sözi diýip atlandyrdy. Söz — permanent (uzak saklanýan saç buýrasy) we crisis (çökgünlik) sözlerinden emele gelen. Onuň manysy «durnuksyzlygyň we elden berlen howpsuzlygyň uzaga çeken döwri» diýmegi aňladýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir