Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Katardaky Dünýä çempionaty — 2022-niň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Serbiýadan üstün çykdy. Lusailde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Braziliýanyň düzüminde Rişarlison dubl etdi (62-nji, 73-nji minutlar). Braziliýa we Serbiýa G toparda çykyş edýär, şeýle hem bu toparda Kamerun bilen Şweýsariýa bar. Birinji tapgyrdan saoň, braziliýalylar bilen şweýsariýalylar 3 utuk bilen öňdeligi eýeleýär. Ikinji tapgyrda 28-nji noýabrda Braziliýa — Şweýsariýa hem-de Serbiýa — Kamerun duşuşyklary geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir