Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasyny üstünde işlemek üçin Milli Geňeşiň Mejlisine gaýtarmagy teklip etdi. Şondan soňra ony Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge bermeli. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji noýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň kabul edilmeginden öň, býujetiň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegiň we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde göz öňünde tutulmaly ugurlar, şeýle hem onuň girdeji hem çykdajy taraplary barada giňişleýin bellikleri edip, býujetiň degişli maddalaryny gaýtadan hasaplamagy tabşyrdy.

Täzelikler, watandash tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir