23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
Milli Geňeşiniň  Halk Maslahatynyň mejlisine Halk Maslahatynyň 56 agzasyndan 54-si, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdy.
Mejlisiň gün tertibine Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan hödürlenen «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky» Kanuny ara alyp maslahatlaşmak girizildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň kabul edilmeginden öň, býujetiň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegiň we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.
Mejlisiň barşynda her bir esasy pudaklar boýunça aýratynlykda geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň girdejiler we çykdajylar maddalary boýunça maglumatlar giňişleýin beýan edildi.
Şeýle hem welaýatlar hem-de paýtagtymyz boýunça ýerli býujetiň serişdeleri, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgändigi bilen baglylykda, Döwlet býujetinde meýilleşdirilen tygşytlanjak maliýe serişdeleriniň möçberleri barada maglumat berildi.

Täzelikler, watandash tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir