Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi dünýä çempionatlarynda milli toparyň rekordyny goýdy. Katarda DÇ-2022-niň Saud Arabystanyna garşy oýnunyň birinji ýarymynda ol jerime urgusyny geçirip, dört DÇ-de gol salmagy başaran ilkinji argentinaly oýunçy boldy. Mundan öň Messi 2006, 2014 we 2018-nji ýyllarda geçirilen dünýä çempionatlarynda gol geçirdi. Öň bu rekord Diego Maradona we Gabriel Batistuta degişlidi, olaryň her biri üç dünýä çempionatynda gol salypdy. Belläp geçsek, Argentina Saud Arabystany bilen duşuşykda 1:2 hasabynda ýeňildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir