oyota kompaniýasy Hindistanyň we Indoneziýanyň bazarlaryna niýetlenen Kijang Innova miniweni äşgär etdi. Modeli prinsipial esasda täze platforma geçirdiler, güýç agregatynyň ýerleşişini we priwodyň tipini üýtgetdiler, şeýle-de motor gammasyna täzeden seretdiler. Indoneziýada eýýäm talapnamalary kabul edip başladylar, ýakyn wagtlarda Innova beýleki aziýa ýurtlarynda hem peýda bolar. Innova ozal Hilux pikapynyň platformasynda ýerleşen bolsa, indi onuň gurluşynda göterme kuzowly TNGA-C-iň ýeňil arhitekturasy ulanyldy. Öň tarapky okda McPherson stoýkasy, yzkyda bolsa ýarym garaşly podweska ulanylýar. Täze platforma tigir bazasyny 100 millimetr - 2850 millimetre çenli ulaltmaga mümkinçilik berdi, ýöne weniň beýleki gabaralary hakykatda üýtgewsiz diýen ýaly galdy. Toyota Innova ýerleşişi iki görnüşde - ýedi we sekiz adamlyk edip çykarylar. Birinji ýagdaýda ortaky hatarda bütewi diwanyň deregine iki sany aýry kürsüler goýlar. Weniň baza hereketlendirijisi 174 at güýji üçin göwrümi 2,0 litrlik we aýlanýan pursady 205 Hm-lyk atmosfera motory boldy. Ol wariatorly bugda işleýär. Has gymmat görnüşleri 186 at güýjüni üpjün edýän şol bir motoryň bazasynda gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylar. Şeýle ýagdaýda, eger Innovanyň nesli çalyşýança onuň diňe yzky priwody bolan bolsa, indi diňe öň tigirleri aýlanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir