Katarda geçirilýän 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlary üçin 3 milliona golaý petek satyldy diýip, Frans Press agentligi Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) wekiline salgylanyp habar berýär. Muny rsport.ria.ru ýetirýär. Ýekşenbe gününe çenli 2,95 mln petek satyldy. Bu 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda satylanlardan 550 müň petek köpdür. Bellenilişi ýaly, petekleriň köpüsi Kataryň, Saud Arabystanynyň, ABŞ-nyň, Meksikanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Argentinanyň, Fransiýanyň, Hindistanyň we Braziliýanyň raýatlary tarapyndan satyn alyndy. Dünýä çempionaty 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçirilýär. FIFA ýaryşyň dört ýyllyk döwri üçin 7,5 mlrd dollar möçberinde girdeji gazanmaga garaşýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir