Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysynyň we Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Instagram-da 500 mln abunaçy belliginden geçen dünýäde ilkinji adam boldy. Bu barada rport.ria.ru habar berýär. Şu ýyl 37 ýaşly Ronaldunyň abunaçylarynyň sany 100 mln adam köpeldi. Argentinanyň milli ýygyndysynyň we “Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Messiniň bolsa 376 mln abunaçysy bar. Öň, Ronaldu bilen Messi egin-eşik we aksessuar brendiniň mahabat düşüriş işlerine gatnaşdy. Futbolçylar kadrda küşt oýny pursatynda şekillendirildi. Ronaldu Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Katarda geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýar. Onuň üçin bu karýerasynda bäşinji dünýä birinjiligidir. Portugaliýalylar 24-nji noýabrda Gananyň milli ýygyndysyna garşy ýaryşda ilkinji oýnuny oýnarlar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir