Kazanyň “Rubin” futbol klubunyň we “Rostowyň” öňki baş tälimçisi Gurban Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubuna ýolbaşçy boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. Şeýle-de, 69 ýaşly hünärmen klubuň tehniki müdiri bolar. Berdiýew 4-nji iýulda wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge girişer. “Biz Berdiýewiň tejribesine we yhlasyna hem-de janköýerleriň goldawyna bil baglaýarys. “Traktoryň” belentliklere tarap täze ýoly başlandy” – diýlip, klubuň saýtyndaky beýanda aýdylýar. 6-njy iýunda Gazagystanyň “Kaýrat” kluby Berdiýew bilen şertnamanyň ýatyrylandygyny habar berdi. Onuň bilen bilelikde klubdan onuň kömekçileri Dmitriý Kiriçenko, Iwan Danilýans, Eduard Kunduhow we Andreý Masýura-da gitdi. Geçen möwsümde “Traktor” Pars aýlagynyň ligasynyň jedwelinde 13-nji orny eýeledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir