WBA Super, IBF we WBO titullarynyň eýesi Aleksandr Usik bilen britaniýaly Entoni Joşuanyň arasynda super agyr agramda çempion guşagy üçin rewanş duşuşygy 20-nji awgustda geçiriler. Bu barada Matchroom Boxing promouter kompaniýasy habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. Habar berlişi ýaly, söweş Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçiriler. Ýatlap geçsek, öň Aleksandr Usik 26-njy sentýabra geçilýän gije Londonda “Tottenhem” futbol klubunyň stadionynda geçirilen 12 raundlyk söweşde Entoni Joşuadan üstün çykdy. Usik emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňiş gazandy – 117-112, 116-112, 115-113, ol agyr agramda WBA Super, WBO, IBF we IBO wersiýalaryna görä, birleşdirilen dünýä çempiony titulynyň eýesi boldy. Ukrainaly boksçy ýeňilmesiz ýagdaýda galýar. Ol professional ringde 19 gezek söweşip, olaryň her birinde ýeňiş gazandy, şol bir wagtyň özünde 13 gezek garşydaşyny nokauta gidirdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir