Gazagystanyň «Kaýrat» klubunyň öňki baş tälimçisi Gurban Berdiýew Eýranyň «Traktor» klubuna tälimçi bellenilip bilner diýip, Tasnim News Agency habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, eýran kluby 69 ýaşly türkmen hünärmeni bilen eýýäm ylalaşyk gazandy. Ýatlatsak, G.Berdiýew 6-njy oýunda «Kaýratdan» aýryldy. Onuň ýolbaşçylygynda «Kaýrat» 32 oýunda 14 ýeňiş gazandy, 8 gezek deňme-deň oýnady we 10 gezek ýeňildi. Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda «Kaýrat» Gazagystanyň çempionatynyň bürünç medalçysy we Gazagystanyň Kubogynyň eýesi boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir