Ahal welaýatynyň täze eda­ra ediş mer­ke­zinde 5 müň 500 adama niýetlenilen döwrebap metjidi gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Maslahatynyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň barşynda mer­ke­zi­ň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Orazow, eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew bilen geçiren iş maslahatynda belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Şol maslahatda we­la­ýa­tyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow merkezde döwrebap metjidiň gurulmagy babatda komitete gelip gowşan teklip barada hasabat berdi. Se­bit­de iň iri we ägirt uly äh­mi­ýe­ti bo­lan welaýat merkeziniň taslamasyny iki tap­gyr­da dur­mu­şa ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şä­her dü­zü­mi dur­muş hem-de beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­la­ryň top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, ça­ga­lar bag­la­ry, mek­dep­ler we beýleki ýö­ri­te­leş­di­ri­len okuw jaý­la­ry, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet, söw­da, hyz­mat­lar ul­ga­my­na de­giş­li eda­ra­lar, sport des­ga­la­ry, eda­ra bi­na­la­ry, ulag-ara­gat­na­şyk we in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki ul­gam­la­ra de­giş­li des­ga­lar bar. Öň, TmCars.info Serdar Berdimuhamedowyň ilatyň haýyşlaryny nazara alyp, Ahal welaýatynyň Änew şäherinde, Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde metjitleri hem-de olaryň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýy gurmak baradaky teklipleri makullandygyny habar beripdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir