Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 2024-nji ýylyň tomsunda täze klub ýaryşyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada “L’Equipe” habar berdi diýip, championat.com belleýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ýaryşa dört klub gatnaşar, olaryň arasynda Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi hem bolar. Galan üç klubuň nähili ýörelge esasynda saýlanjakdygy häzirlikçe belli däl. Ýaryş “Dörtleriň finaly” görnüşinde geçer. Ýaryşyň ilkinji oýnunyň hem ABŞ-da geçirilmegine garaşylýar. Habar berlişi ýaly, Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi UEFA-nyň Superkubogy üçin oýunda oýnamaz, ýöne bu ýaryş ýatyrylmaz. Superkubok ugrundaky oýunda Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ýeňijileri çykyş eder. Ýatlap geçsek, 2021/2022-möwsüminde UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi “Real” boldy, ol ýaryşyň finalynda “Liwerpuly” 1:0 hasabynda utdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir