15-nji iýunda geçirilen Tähran duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi. Onda taraplaryň taryhdan gelip çykýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.
Bilelikdäki Beýannamada türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýakyn geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän wezipeler dolulygyna beýan edilýär. Hususan-da, taraplar ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmegiň möhümdigini belläp, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek arkaly özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini düýpli artdyrmagy maksat edinýärler. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň işine aýratyn orun berilýär.
Resminamada nygtalyşy ýaly, taraplar energetika pudagynda, aýratyn-da, nebit we gaz ugurlarynda olaryň «swop» görnüşinde we üstaşyr geçirilişini hem-de söwdasyny öz içine alýan hyzmatdaşlygy öwrenmegiň zerurdygyny bellediler. 2011-nji ýylyň 25-nji aprelindäki Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Katar Döwletiniň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol ýük geçelgesi taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa iki ýurduň ulag ulgamyndaky gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleri açar.
Bulardan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, abraýly sebit we halkara düzümleriniň çäklerindäki bilelikdäki hereketleri ilerletmek, ählumumy hem-de sebit meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny ýokarlandyrmak, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermek ýaly möhüm ugurlarda öňde durýan wezipeleri kesgitlediler. Nobatdaky türkmen-eýran gepleşiklerinde Hazar gün tertibiniň meseleleri hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şoňa görä-de, Bilelikdäki Beýannamada Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitlerini yzygiderli geçirmegiň zerurdygy nygtalyp, Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiniň mazmunyny ýokary hilli işläp taýýarlamagyň we ylalaşmagyň ähmiýetine aýratyn üns çekilýär.