15-nji iýunda günüň ikinji ýarymynda Tähranda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen gepleşikleri geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň degişli agzalary hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda döwlet Baştutanymyz jenap Mohammed Bager Galibafa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi we ony ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady.
Hormatly Prezident türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda mundan beýläk-de giňeltmek üçin ýeterlik mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlykdyr. 2021-nji ýylyň mart aýyndan Türkmenistanda iki palataly parlament ulgamy hereket edip başlady. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşýandygyny nazara alyp, türkmen-eýran parlamentara duşuşyklaryny geçirmek we özara tejribe alyşmagy ýola goýmak teklip edildi.

Täzelikler, watandash tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir