15-nji iýunda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ebrahim Raisi Tähranda geçiren ikitaraplaýyn gepleşikleriniň barşynda hyzmatdaşlyk hakynda 9 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekdiler diýip, IRNA agentligi habar berýär.
Iki ýurduň ministrleriniň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalar ulag-üstaşyr ulgamy ösdürmäge, ylmy-medeni alyş-çalşyga, daşky gurşawy goramaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli.
Iki ýurduň Liderleri resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň, bilelikdäki metbugat maslahatyna gatnaşdylar.

Täzelikler, watandash tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir