Geljekki öňdebaryjy Xiaomi 13 iň täze Qualcomm Snapdragon 8 Gen 2 çipsetine eýe bolar diýip, çeşme ýazýar.
Habarlara görä, premium-smartfonlara niýetlenen indiki nesliň öňdebaryjy çipsetiniň özboluşly şekili bolar. Häzirki bar bolan 8 Gen 1 prosessorlarynyň 1+3+4 ýadrodan ybarat klasterleri bar bolsa, onda, täze 8 Gen 2-niň 1+2+2+3 şekili bolar.
The Snapdragon 8 Gen 2 Makalu-nyň nesliniň bir ýadrosyny, Makalu-nyň beýleki iki ýadroly klasterini, Matterhorn-yň iki ýadrosyny we Klein R 1-iň üç ýadrosyny alar diýip, habar berilýär.
Iň täze prosessory aljak ilkinji smartfonlaryň biri-de Xiaomi 13 bolar diýip, Abhishek Yadav insaýderi mälim edýär.
Mundan hem başga, Adreno 740 grafiki prosessory täze çipset alar we TSMC-niň öňdebaryjy 4-nji tehprosesinde öndüriler.

Tehnologiýa, watandash tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir