13-nji iýunda, duşenbe güni Binance kriptobiržasynda bitkoiniň bahasy 13% arzanlady, 2020-nji ýylyň dekabryndan bäri iň pes baha — 23,7 müň dollara çenli aşaklady. CoinGecko-nyň maglumatlaryna görä, aktiwiň bazar kapitallaşmasy, gündelik söwdanyň göwrümi 50 mlrd dollar bolanda, 458 mlrd dollara çenli azaldy.
Soňky gije-gündiziň dowamynda iri altkoinleriň hem bahasy düşdi. Aýratynam, Ethereum-yň bahasy 16%, 1,2 müň dollara çenli, Binance Coin-iň bahasy 13%, 224 dollara çenli arzanlady. Bazaryň umumy kapitallaşmasy 12%, 1 trln dollara çenli kemeldi.
Celsius kriptokarz hyzmat torlaryna serişde çykarylmasy togtadylandan soň, arzanlamanyň depgini hasam çaltlaşdy. Kompaniýada muny «bazardaky adatdan daşary şertler» bilen bagly diýip düşündirdiler. Şondan soň altkoiniň taslamasynyň bahasy 50% pese gaçdy. Celsius-yň 1 mln-dan gowrak ulanyjysy bar we MicroStrategi-ýä hem-de Coinbase-e garanda, ol özünde köp sanly bitkoin saklaýjy hasaplanýar.