Gijeler kitaplaň gatyna siňdi,
Ýatdan çykdy seýil, bagy, teatr
Men başga bir dünýä sataşdym indi,
Hem özüme gaýdyp geldim teý ahyr

Men özüme gaýdyp geldim ahyry,
(Uly bagt eken garanmak yzyň)
Unudyp gijeleň hasrat-ahyny
Gaýtargysyz söýgüsinden bir gyzyň.

Men özüme gaýdyp geldim razy men,
Onuň gözlerinde jady bar degmäň!
Barybir düşüner yhlaslaryma,
Özün meň söýgümden natuwan eýlän.

Men özüme gaýdyp geldim ahyry,
Ýwnuksyz öwgüniň berip talagyn.
Hilesi ýok.
Kinesi ýok.
Müýni ýok.
Men özümi gözlerinden tanadym

Men özüme gaýdyp geldim ahyry,
Ýasama ýylgyrşyň garagyn gapyp
Barlykda ýitirip aş dostlarymy,
Nebir dostlarymy gidensoň tanap.

Men özüme gaýdyp geldim,, Hoş! ,, diýip,
Hoşasyna gol ýetmeýen dalbara.
Men minnetdar meni tabydyma däl,
Meni özüme çen ugradanlara.

Men özüme gaýdyp geldim, unutdym,
Şat şäheriň köçesinde ykmany.
Gijelerne söz yşkyndan agladym,
Dyzyna baş goýup uly ykbalyň.
Gaýdyp geldim seniň öwütleriňe

Gurbandurdy ORAZOW


Göçüren: Elif


http://islenen.site/17790-.html

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir