Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2022-niň (23 ýaşa çenli) toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji oýnunda Katar bilen deňme-deň oýnady. Düýn Daşkentde geçen bu duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy. Katarlylardan Osama Al-Tairi oýnuň dowamynda iki gol geçirdi (65-nji we 73-nji minutlar). Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminden çalşyga çykan Begençmyrat Myradow iki gezek (75-nji we 85-nji minutlar) tapawutlandy.
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy gazanan dört utugy bilen ikinji topara çykdy we çärýek finalda Awstraliýanyň ýygyndysy bilen oýnar. Kataryň topary (iki utuk bilen dördünji ýerde) turnirde çykyşyny tamamlady. Toparda birinji ýeri özbekler (7 utuk), üçünji ýeri eýranlylar (2 utuk) eýelediler.
Taryhda ilkinji sapar Türkmenistanyň topary ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogy-2022-niň (23 ýaşa çenli) pleý-off tapgyrynda oýnar. Ýurt üçin bu taryhy üstünlikdir.

Sport, watandash tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir